Zorlanan gyza nahili komek etmeli??
[ · Скачать удаленно (< Rap dinlasin gelse) ]22.01.2020, 04:17:40

  • Islenilmedik we razylyk berilmedik mejbury jynsy gatnaşyga zorlama diýilýär. Gyz-gelinleriň öz tanaýan adamlary, nätanyşlar, maşgala agzalary, ýa-da ýoldaşlary tarapyndan zorlanylmagy ahmal. Şol sanda, oglanlar we erkek adamlar hem zorlanylýar.
  • Zorlanylan adama fiziki şikesler üçin ilkinji kömek zerurdyr. Şol bir wagtda ol ruhy goldawa we idege hem mätäçdir. Zorlanylma sezewar bolan kişä mähir we düşbülik bilen çemeleşmeli. Ony günäkärlemeli däl.
  • Zorlanmanyň ýetirip biljek zyýanlary we olara çäreler:
  • ↪ Zorlanma göwrelilige sebäp bolup bilýär. Jynsy gatnaşykdan soň 5 günüň içinde, göwreliligiň gyssagly öňüni alyş gerdejikleri (ekstrennaýa konstrasepsiýa) ýa-da gerdejikleriň beýleki käbir görnüşleri ýeterlik mukdarda kabul edilse göwreliligiň öňüni alýar.
  • ↪ Zorlanma jynsy ýokançlyklary ýaýradyp bilýär. Bulardan goranmak we çäre görmek üçin şuny oka.
  • Zorlanylan adama seniň berip biljek ilkinji kömegiň
  • Ol seniň oňa seretmegiňe ýa ony ellemegiňe garşy bolup biler. Şonuň üçinem, öňünden näme etjegiňi oňa düşündir we eliňi degirmezden öňürti onuň razylygyny sora.
  • Eger onuň jynsy agzalarynda kesik, sypjyryk, ýa gögerme bar bolsa, olar örän agyrylydyr. Bu ýagdaýda oňa asetaminofen ýa-da ibuprofen bermeli. Eger jynsy agzalar ganaýan bolsa, ony duruzmak üçin basyş ulanmaly. Soňra ganamanyň gaýtalanaýan ýagdaýynda özi ugruny biler ýaly, ony duruzmagyň usullaryny zorlanan adama hem öwretmeli.
  • Kiçi kesikler we sypjyryklar üçin, jynsy agzalary günde 3 gezek mylaýym suw bilen ýuwmaly. Bugşukma wagtynda awuşamany azaltmak üçin bugşugylanda jynsy agzalaryň üstünden mylaýym suw akytmaly. Eger kesikler uly bolsa olary çatdyrmak zerurdyr.
  • Onuň bedeniniň beýleki ýerlerini hem şikesiň ýetendigini ýa ýetmändigini anyklamak üçin barlamaly. Eger ol iru-giç polisiýa ýüz tutmak islese fiziki barlag we şikesleriň subutnamasy möhümdir.
  • Kagyza ýa-da el telefonyna ähli barlaglary we şaýat bolan zatlaryňy belläp almaly. Şikesleri ýeke-ýeke bellemeli. Eger ol rugsat berse, surata düşürmeli. Bu bellikleriň ählisi soňra ondan habar tutmak üçin ýa-da polisiýa ýüz tutmak üçin kömek edýär.
  • Birnäçe gün geçensoň, ondan habar tut we onuň fiziki we emosional ýagdaýyny sora. Bedeniniň kesilen, sypjyrylan ýerlerinde infeksiýa alamatlaryna üns ber. Mejbury ýa-da ýowuz jynsy gatnaşykdan soňra, esasan, peşew infeksiýalary köp ýüze çykýar. Peşew infeksiýasy we onuň çäreleri hakynda şu ýerde oka.
  • Terjime eden: Merjen Gurdowa
  • Çeşme: Maglumatlar Hesperian Fondynyň websaýtyndan alyndy. Maglumatlar Maşgala Saglygy kitabynyň goşmaça, täze ýazylan maglumatlar bölüminden alyndy.
Türkmen diline terjime edilen Maşgala Saglygy

.
Категория: Gatybayfull | Теги: Admin Muhammet Rasulov 99363999739
Просмотров: 346 | Загрузок: 6 | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
avatar