Opushmek gowmy bu barada doly fakt 18+
[ · Скачать удаленно (<< yza dolan) ]09.03.2020, 04:29:13
21-opusmek.jpg Öz halaýan oglanyň/gyzyň bilen ýakyn tanşyp, sözleşip, onuň gylyk-häsiýeti, gyzyklanmalary, dünýägaraýşy bilen tanşyp, seniň oňa bolan duýgularyň has hem artmagy mümkindir. Sende barha güýjäp barýan duýgular günleriň bir güni sende ony öpme islegini döredip biler. Öz halaýan adamyň göwnüne degmezden nädip dogry öpüşmeli? Elbetde, birinji gezek şeýle duýgy dörände, ýigit hem, gyz hem utanjaňlyk duýýar, bedenleri diýen etmeýän ýaly bolup görnüp bilýär. Köplenç biziň medeniýetimizde birinji "öpmek synanşygyny ýigit başlamaly" diýen düşünje bolsa-da, bu barada belli bir düzgün ýokdur. Bu soragda oglana we gyza ünsli, seresap bolmak hökmanydyr. Birinji öpüşme synanşygyny amala aşyrmak üçin ýigit we gyz adamsyz, asuda, ýakymly duýgulary oýarýan ýeri saýlap alsalar gowy bolar. Eger seniň halaýan gyzyň bu wagt öpüşmäge taýyn bolmasa, onda güýç bilen ony öpme synanşygy ters netijelere – gaharlanma, öýke-kine etmä getirip biler. Özüniň öpülmegini islemeýän gyz ýigit oňa ýakynlaşma synanşygyny etse-de, arany açyp, ýakyna göýbermezligi islär, ol ellerini gursagynda goýar, oglanyň gözlerine seretmez, ýüzüni elleri bilen ýapar we onuň ýüz keşbinden hem onuň isleginiň ýoklugy barada bilip bolar. Öpülmegini halamaýan gyz islemeýändigini bildirip "Ýok!" diýse, oglan bu ýagdaýa düşünme bilen garamalydyr. Güýç bilen, islege garşy hereket etmek gyza garşy sütemiň geçirilýändigini aňladyp biler. Gatnaşyklarda gyz isleýän we islemeýän ýagdaýlaryny çürt-kesik aňlatmagy, düşündirmegi başarmalydyr. Öpüşmek – bu iň pynhan duýgularyňy eziz görýän adamyňa bildirmek hereketidir. Şonuň üçin hem halaýan, söýýän adamyňy öp. Diňe bir ulalyp, özbaşdaklygyňy bildirmek ýa-da başgalara görkezmek üçin halamaýan adamyňyz bilen beýle hereketleri geçirme! Bu hereketi klasdaşyň ýa-da joraň (dostuň) eýýäm biri bilen öpüşendigini bilip, olardan galmajak bolup geçirmegiň ýalňyşlykdyr. Eger sen öz duýgyňy bildirmek üçin halaýan oglanyň/gyzyň bilen öpüşmek isleseň, arassaçylyga degişli düzgünleri hem berjaý etmek möhümdir. Öpüşmeden öň dodaklaryňy ýörite serişdeler bilen arassala, nemlendir we dem alşyň tämiz, ýakymly ysly bolmagyny gazan. Agyzdaky ýakymsyz ysy aýyrmak üçin ýörite sakgyçlar we sepilýän spreýler satylýandyr. Öpüşilýän wagtda oglanda hem, gyzda hem gyjynylma häsiýetli duýgularyň döremegi bolup bilýändir we bu kada hasaplanýandyr. Provided Kayum Abdymuhammedowic 99365363326
Категория: Gatybayfull | Добавил: patsanchikcom | Теги: Opushmek gowmy doly fakt
Просмотров: 282 | Загрузок: 14 | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 0
avatar